Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:18 - Mukaddes Kitap

18 Men olara Hudaýymyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Мен олара Худайымың маңа нәхили көмек эдендигини ве патышаның маңа айдан затларыны гүррүң бердим. Онсоң олар: «Гелиң, ише башлалың!» дийшип, бу оңат иш үчин биллерини берк гушадылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:18
10 Iomraidhean Croise  

Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».


Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary we tutuş ysraýyl halky onuň höküm sürmegini berk goldadylar.


Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi.


Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler galdyrdy. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Bulardan başga-da Hizkiýa Dawut galasyndaky Millony berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy.


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan