Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Men gije Dere derwezesinden çykdym. Şagal çeşmesiniň ýany bilen Dökün derwezesine çenli gidip, Iýerusalimiň ýykylan diwarlaryny, oda ýanan derwezelerini gözden geçirdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Мен гиҗе Дере дервезесинден чыкдым. Шагал чешмесиниң яны билен Дөкүн дервезесине ченли гидип, Иерусалимиң йыкылан диварларыны, ода янан дервезелерини гөзден гечирдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 2:13
9 Iomraidhean Croise  

Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi.


Olar maňa: «Ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.


Soňra men Ýahuda baştutanlaryny diwara çykardym. Dabaraly ýöriş edip, şükür edýän iki uly topary belledim. Olaryň biri diwaryň üsti bilen saga, Dökün derwezesine tarap gitdi.


Soňra gije turup, ýanyma birnäçe adam aldym. Iýerusalim hakynda Hudaýymyň kalbyma näme salandygyny hiç kime aýtmadym. Ýanymda münüp barýan eşegimden başga mal ýokdy.


Onsoň men gije deräniň içi bilen ýokaryk galyp, diwary gözden geçirdim. Soňra men yzyma dolanyp, Dere derwezesinden yzyma dolandym.


Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.


Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»


«Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň, emma bütinleý ýok etmäň. Şahalaryny döwüp taşlaň, olar Rebbe degişli däldir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan