Нехемя 2:1 - Mukaddes Kitap1 Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy. Faic an caibideilМукаддес Китап1 Бу вака Артаксерксиң патышалыгының йигриминҗи йылының Нисан айында болупды. Шерап гетириленде, мен оны алып патыша узатдым. Шу вагта ченли онуң хузурында мениң гуссалы болан пурсадым ёкды. Faic an caibideil |
Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.