Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:4 - Mukaddes Kitap

4-5 Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4-5 Мундан озал Худайымызың өйүниң отагларына гөзегчи белленен ве Тобыяның гарындашы болан руханы Эляшып Тобыя үчин гиң бир отаг тайынлан экен. Өң шол отагда галла садакасыны, якымлы ыслы түтетгини, гап-гачлары табшырык боюнча левилере, айдымчылара ве дервезебанлара берилйән галланың, шерабың, ягың ондан бирини хем-де руханылар үчин гатанчлары саклаян экенлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:4
7 Iomraidhean Croise  

Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.


Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.


Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.


Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan