Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:25 - Mukaddes Kitap

25 Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Онсоң мен олара кәедим, нәлетледим, кәбирлерини урдум, сачларыны үтдүм. Олара Худайың адындан ант ичирип, шейле дийдим: «Гызларыңызы оларың огулларына бермәң, огулларыңыза, өзүңизе оларың гызларыны алмаң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:25
21 Iomraidhean Croise  

Elýaşa yzyna öwrülip, oglanlara seredip, olara Rebbiň adyndan gargady. Biraz wagtdan soň, jeňňellikden iki sany aýy çykyp, kyrk iki oglany parçalady.


Onsoň Ezra ýerinden turup, ruhanylara, lewilere we bütin ysraýyl halkyna, olaryň şu aýdylany berjaý etjekdiklerine ant içirdi. Şeýdip, olaryň hemmesi ant içdiler.


Kim seniň Hudaýyňyň kanunydyr patyşanyň kanunyna boýun egmese, oňa berk temmi berilsin. Ol ölüme höküm edilsin ýa-da sürgün edilsin, onuň emlägi elinden alynsyn ýa-da ol zyndana taşlansyn!»


Men baştutanlary ýazgaryp, olardan: «Näme üçin Hudaýyň öýi terk edilipdir?» diýip soradym. Onsoň men lewileri we aýdymçylary ýygnap, olary öňki wezipelerine goýdum.


Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.


Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler, olar dürli halklaryň dillerinde gepleýärdiler.


Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.


Olaryň dady-perýatlaryny we arz-şikaýatlaryny eşidenimde, meniň gaty gaharym geldi.


Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.


Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň.


Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan