Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:23 - Mukaddes Kitap

23 Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudylary-da gördüm.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Шол гүнлер мен ашдотлы, аммонлы ве моваплы аяллара өйленен яхудылары-да гөрдүм.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:23
16 Iomraidhean Croise  

Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy.


Onsoň ruhany Ezra ýerinden galyp, olara: «Siz keseki halklardan bolan aýallara öýlenip günä etdiňiz. Siz Ysraýylyň ýazygyny artdyrdyňyz.


Bularyň hemmesi keseki milletlerden aýal alypdylar. Käbirleriniň olardan çagalary-da bardy.


Biz ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmeris.


Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris.


Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar.


Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler, olar dürli halklaryň dillerinde gepleýärdiler.


Indi biz siziň hem keseki milletlerden aýal alyp, şeýle pislik edip, Hudaýymyza biwepalyk edýändigiňiz barada eşitmelimi?»


Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.


Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşandan soň,


Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdoda getirdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan