Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:22 - Mukaddes Kitap

22 Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Соңра мен левилере өзлерини тәмизләп, мукаддес Сабат гүнүни тутмак үчин гелип, дервезелери горамаклыгы буюрдым. Эй, Худайым, мениң хайрыма муны ятлап, мерхеметиң чәксизлигине гөрә, мени аман сакла!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:22
26 Iomraidhean Croise  

«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.


Onsoň ruhanylar erkeçleri öldürip, olaryň ganyny bütin ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin gurbanlyk sypasynyň üstüne günä gurbanlygy hökmünde dökdüler. Çünki patyşa bütin ysraýyl halky üçin ýakma gurbanlygynyň we günä gurbanlygynyň berilmegini tabşyrypdy.


Onsoň Hizkiýa patyşa gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyk bermegi tabşyrdy. Ýakma gurbanlyk bermäge başlanlarynda, surnaýlar we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallary bilen Rebbe alkyş aýtmaga başladylar.


Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.


Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.


Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.


Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.


Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri. Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.


«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan