Нехемя 13:15 - Mukaddes Kitap15 Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym. Faic an caibideilМукаддес Китап15 Шол гүнлер мен Яхудада кәбир адамларың Сабат гүни үзүм сыкяндыгыны, бугдай десселерини гетирип, эшеклерине йүкләп йөрендиклерини гөрдүм. Шейле хем олар Сабат гүни шерап, үзүм, инҗир ве хер хили йүклери Иерусалиме дашаярдылар. Онсоң мен олара Сабат гүни хич зат сатмалы дәлдигини дуйдурдым. Faic an caibideil |
Şeýle hem biz her ýyl bir mysgal kümşi, Hudaýymyzyň öýüniň hyzmaty üçin bermegi özümize borç edindik. Bu kümüş hödür çöregi, hemişelik galla sadakasy, hemişelik ýakma gurbanlygy, Sabat günleri, Täze Aý baýramlary we beýleki baýramlar, mukaddes sadakalar, Ysraýyly günäsinden saplama gurbanlyklary üçin ulanylar.
Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.