Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:14 - Mukaddes Kitap

14 Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Эй, Худайым, Сениң өйүң ве онуң хызматы үчин эден оңат ишлеримиң әхлисини ядыңа сал.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:14
14 Iomraidhean Croise  

«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.


Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim.


Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar.


Öz Hudaýyňyň öýi üçin ýene-de zat gerek bolsa, şanyň hazynasyndan alyp bilersiň.


Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan