Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Ammarlara gözegçi edip, men Şelemýa ruhanyny, Sadok mürzäni, lewilerdenem Pedaýany belledim. Olaryň kömekçisi edip, Matanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany goýdum. Çünki bularyň hemmesi dogruçyl adamlar saýylýardy. Indi olaryň borjy doganlarynyň hakyny paýlamakdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Аммарлара гөзегчи эдип, мен Шелемя руханыны, Садок мүрзәни, левилерденем Педаяны белледим. Оларың көмекчиси эдип, Матаняның агтыгы, Закурың оглы Хананы гойдум. Чүнки буларың хеммеси догручыл адамлар сайылярды. Инди оларың борҗы доганларының хакыны пайламакды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:13
20 Iomraidhean Croise  

Işçilere iş hakyny tölemek üçin ellerine kümüş berlen adamlardan kümşüň hetdi-hasaby soralmaýardy, çünki ol adamlar sadyklyk bilen işleýärdiler.


Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.


Emma olaryň eline berlen kümşüň hetdi-hasaby soralmasyn, çünki olar sadyklyk bilen işleýärler».


Zakur, Şerebýa, Şebanýa,


Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.


Iýerusalimdäki lewileriň ýolbaşçysy Uzydy. Ol Haşabýanyň agtygy, Banynyň ogludyr. Onuň ata-babalaryna Hudaýyň öýünde gulluk edýän aýdymçylardan bolan Asafyň neslinden Matanýa we Mika degişlidir.


Şeýle hem elleri surnaýly käbir ruhany ogullary: Şemagýanyň agtygy, Ýonatanyň ogly Zakarýa. Onuň ata-babalaryna Asafyň urugyndan Matanýa, Mikaýa we Zakur degişlidir.


Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.


Onuň gapdalyndaky diwar bölümini Şelemýanyň ogly Hananýa bilen Salapyň altynjy ogly Hanun dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Berekýanyň ogly Meşullam öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular.


Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.


Ýygnagyň hyzmatçylary bellenilmezden öňürti synalsyn. Eger müýnsüz bolup çyksalar, goý, hyzmat edibersinler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan