Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:10 - Mukaddes Kitap

10 Men lewileriň paýlarynyň berilmändigini hem eşitdim. Şonuň üçinem ybadathanada hyzmat eden lewiler we aýdymçylar öz ekin meýdanlaryna giden ekenler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мен левилериң пайларының берилмәндигини хем эшитдим. Шонуң үчинем ыбадатханада хызмат эден левилер ве айдымчылар өз экин мейданларына гиден экенлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:10
11 Iomraidhean Croise  

Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.


Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar.


Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris.


Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.


Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.


Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler.


Ol ýerde lewileri äsgermezlik etmekden ömürboýy ägä boluň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan