Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шол гүн олар халка Мусаның китабыны окап бердилер. Китапдан: «Аммон я-да Мовап халкы Худайың халкына асла гошулмалы дәлдир» диен язгыны тапдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 13:1
22 Iomraidhean Croise  

Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi.


Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudylary-da gördüm.


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»


Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwradyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň hemmesi ol ýerdedi.


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.


Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Ýewfrat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ine, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler.


Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili düşünýärsiň?» diýdi.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan