Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 12:44 - Mukaddes Kitap

44 Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

44 Шол гүн ыбадатхана үчин берилйән гатанчларың, илкинҗи мивелериң ве ондан бирлериң сакланян аммарларына гөзегчилер гоюлды. Олар руханылар ве левилер үчин канун тарапындан галаларың мейданларына гөрә кесгитленен пайлары йыгнамалыдылар. Чүнки яхудалар руханыларың ве левилериң хызматындан хошалдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 12:44
17 Iomraidhean Croise  

Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:


Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.


Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.


Kanunda ýazylyşy ýaly, nowbahar ogullarymyzy Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylaryň ýanyna getirip, ilkinji mal-garalarymyzy, sürülerimiziň ilki bolan öküzçelerini, goýun-geçilerimiziň ilkinji erkek owlak-guzularyny olara eltip bereris.


Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin.


Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan