Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 12:25 - Mukaddes Kitap

25 Matanýa, Bakbukýa, Abadýa, Meşullam, Talmon we Akup ybadathana derwezeleriniň ýanyndaky ammarlary goraýan derwezebanlardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Матаня, Бакбукя, Абадя, Мешуллам, Талмон ве Акуп ыбадатхана дервезелериниң янындакы аммарлары гораян дервезебанларды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 12:25
10 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.


Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.


Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar.


Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi.


Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar.


Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.


Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, gözegçilik diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan