Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.
Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy.
Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.
Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.
Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.