Meniň toparymda surnaý çalýan şu ruhanylar bardy: Elýakym, Magaseýa, Minýamyn, Mikaýa, Elýogeýnaý, Zakarýa, Hananýa; aýdymçylar: Magaseýa, Şemagýa, Elgazar, Uzy, Ýehohanan, Malkyýa, Eýlam we Ezer bardy. Aýdymçylar öz ýolbaşçylary Ýizrahýa bilen aýdym aýtdylar.
Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular.