Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 10:34 - Mukaddes Kitap

34 Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Биз халк, руханылар ве левилер биҗе атышып, хер йыл белленен вагтларда Худайымызың өйүне одуны хайсы уругың гетирмелидигини шертлешдик. Бу одунлар канунда язылышы ялы, Худайымыз Реббиң гурбанлык сыпасында якылмалыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 10:34
16 Iomraidhean Croise  

Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy.


Bijesi çykan adamlar bije tertibi boýunça şulardyr: Ýehoýaryp, Ýedaýa,


Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.


Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.


Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.


Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!


Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.


Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz, mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.


Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun.


Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.


Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.


Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan