Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Biz Seniň guluň Musa beren tabşyryklaryňy, parzlaryňy, hökümleriňi berjaý etmän, Seniň garşyňa juda erbet iş etdik.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Биз Сениң гулуң Муса берен табшырыкларыңы, парзларыңы, хөкүмлериңи берҗай этмән, Сениң гаршыңа җуда эрбет иш этдик.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 1:7
24 Iomraidhean Croise  

Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar.


Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi.


Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr.


Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.


Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan