Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Гулуң болан мениң ысрайыл халкының Саңа гаршы эден гүнәсини боюн алып, гиҗе-гүндиз Саңа эдйән дилегими эшидериң ялы, гулагың эшитгир, гөзүң йити болсун. Менем, аталарымам гүнә этдик.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 1:6
34 Iomraidhean Croise  

Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


Indi siz Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny: aýaldyr-erkekleri gul-gyrnak hökmünde özüňize tabyn etjek bolýarsyňyz. Eýsem Hudaýyňyz Rebbiň öňünde siziň özüňiz ýazyksyzmy näme?


Çünki biziň ata-babalarymyz Hudaýymyz Rebbe hyýanat edip, Onuň nazarynda pis işleri etdiler; Rebbi terk edip, Onuň mesgeninden ýüz dönderip, ýeňselerini öwürdiler.


Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.


Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi.


Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.


Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Tersine, süýtden aýrylan çagany enäniň köşeşdirişi deý, janyma basalyk berdim we köşeşdirdim.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.


Ezra neslinden bolan Eýtanyň maskili


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.


Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý, Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.


Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan