Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Мен бу затлары эшиденимде, отурып агладым ве бирнәче гүнләп яс тутдум. Агыз бекләп, гөкдәки Худайдан дилег этдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 1:4
22 Iomraidhean Croise  

Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy.


„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy:


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Muny eşidenimde, men eşiklerimi we donumy ýyrtyp, saç-sakgalymy ýolup, gaýgy-gama batyp oturdym.


Agşam gurbanlygynyň berilýän wagty men ýerimden galyp, sal-sal eşikli we ýapynjaly dyza çöküp, ellerimi Hudaýym Rebbe tarap uzadyp, Oňa dileg etdim:


Onsoň men olara: «Gögüň Hudaýy işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paýyňyz, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim.


Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim.


Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,


Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.


Şol günler men Danyýel üç hepdeläp ýas tutdum.


Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.


Reb diýýär: «Baýramçylyk deregine hasrat çekdiňiz, bu siziň üçin agyr we utançlydyr, Men indi olaryň soňuna nokat goýaryn.


Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan