Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Doganlarymyň biri bolan Hanany birnäçe adam bilen Ýahudadan geldi. Men olardan ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar hakda we Iýerusalim hakda soradym.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Доганларымың бири болан Хананы бирнәче адам билен Яхудадан гелди. Мен олардан есирликден гутулып, аман галан яхудылар хакда ве Иерусалим хакда сорадым.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 1:2
12 Iomraidhean Croise  

Siddim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar.


Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady.


Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.


Biz ýene Seniň tabşyryklaryňy bozup, bu nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açalymy? Seniň gahar-gazabyň biziň ýekejämizi hem aman galdyrman heläk eder.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“».


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan