Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Я Реб, Өз гулуңың дилегине ве Саңа хормат гойян гулларыңың дилегини эшит! Өз гулуңың ишини шу гүн Өзүң оңуна эдип, патышаның маңа рехими инер ялы эт». Мен шол вагтлар патышаның сакысыдым.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 1:11
27 Iomraidhean Croise  

Ine, şeýdip, men guýynyň başyna gelip, şeýle dileg etdim: „Eý, jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen meniň işimi oň et.


Ýalbarýaryn, meni öz doganym Ysawyň elinden halas et! Men onuň gelip, biziň hemmämizi, çagalary hem olaryň ejelerini öldürerinden gorkýaryn.


Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.


Bu ikisine faraonyň gahary geldi.


Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, faraon baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol faraona sakylyk etdi.


Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.


Baş saky faraona ýüzlenip, oňa şeýle diýdi: «Şu gün men hata iş edendigimi boýun alýaryn.


Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».


Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.


Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Tersine, süýtden aýrylan çagany enäniň köşeşdirişi deý, janyma basalyk berdim we köşeşdirdim.


Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela


Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela


Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan