Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Нехемя 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Олар Сениң бейик гүйҗүң, гудратың билен халас эден Өз гулларың ве халкыңдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Нехемя 1:10
17 Iomraidhean Croise  

Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.


Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al!


Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.


Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan