Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nahum 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Duşman söweşijileriň galkany çym gyzyldyr, esgerleriniň lybasy goýy gyrmyzydyr. Taýýarlyk gününde söweş arabalarynyň tigirleri ot saçýar, san-sajaksyz naýzalar howada galgaýarlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Душман сөвешиҗилериң галканы чым гызылдыр, эсгерлериниң лыбасы гойы гырмызыдыр. Тайярлык гүнүнде сөвеш арабаларының тигирлери от сачяр, сан-саҗаксыз найзалар ховада галгаярлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nahum 2:3
13 Iomraidhean Croise  

Sagdak, ýalpyldawuk naýza we hanjar oňa degip, zarňyldap, yzyna atylýar.


Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip, Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.


Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler: „Aýak astyna düşeliň bäri, hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“».


Olar ýaraglar, söweş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.


Gamçy sesi, araba tigirleriniň takyrdysy, çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


Eý, serwi, bagyr, çünki kedr agajy ýykyldy, şöhratly agaçlar wes-weýran boldy! Eý, Başanyň dublary, uwlaň, çünki sümme tokaý ýer bilen ýegsan boldy!


Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar,


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Şonda ikinji bir at – gyzyl at çykdy. Adamlar biri-birini öldürer ýaly, şol atla ýer ýüzüni parahatlykdan mahrum etmäge ygtyýar berlendi. Oňa uly bir gylyç hem berildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan