Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nahum 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, gowaklaryny awdan, sürenlerini oljadan doldurdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Арсланлар өз чагалары үчин етерлик ав авладылар, эне арсланлар үчин авуны богуп өлдүрдилер, говакларыны авдан, сүренлерини олҗадан долдурдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nahum 2:12
7 Iomraidhean Croise  

sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez.


Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?


«Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Seret, halk şir dek oýanyp, arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan