Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Йүрегиңде, голуңда сакла мени мөхүр дей; чүнки ышк өлүм дей гүйчли, габанҗаңлык габыр дей ёвуз. Ышкың ялны отлы ялындыр, ловлаян ялындыр ол.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 8:6
27 Iomraidhean Croise  

Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.


Seret, Ysraýyly goraýan Hudaý ne uklar, ne-de irkiler.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.


Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.


Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.


Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar, ol öç alanda, hiç rehim etmez.


Eý, Iýerusalim gyzlary! Size ýalbarýaryn, ýarymy görseňiz aýdyň, yşkdan heserländirin.


Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.


äri bolsa was-was keseline uçrap, günäli aýalyna müňkür bolsa ýa-da aýaly günäli bolmasa-da oňa müňkürlik etse,


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň».


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan