Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 8:5 - Mukaddes Kitap

5 Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Ярына сөенип, чөлден чыкып гелйән ким? Алма агаҗының астында оярдым сени. Энең шол ерде дүнйә индерди сени, ол шол ерде агыры чекип, догурды сени.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 8:5
29 Iomraidhean Croise  

Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.


Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.


Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.


Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.


Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!


Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim.


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.


Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?


Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.


Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir.


Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Perişde bilen göreşip, ýeňdi. Aglap onuň göwnüni tapjak boldy. Hudaý ony Beýtelde tapdy. Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi.


Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan