Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy.
Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy.