Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Ir säher üzüm baglaryna gideli, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Ир сәхер үзүм багларына гидели, гөрели, гунчалапмы, гүлләпми үзүм, хем-де нар. Шол ерде ышкымы багыш эдерин саңа.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 7:13
21 Iomraidhean Croise  

Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi.


Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.


Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,


Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!


Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.


Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar.


Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.


Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».


Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan