Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy.
Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!
Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.