Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эй, дилдарым, Тирса шәхери дей гөзелсиң сен, хошройсың Иерусалим дей, туглы гошун дей шөвкетли.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 6:4
21 Iomraidhean Croise  

Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy.


Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy.


Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Ahyýanyň ogly Bagşa Tirsada bütin Ysraýylyň üstünden patyşalyk edip, ýigrimi dört ýyl höküm sürdi.


Eý, ähli halklar, eý, dünýäde ýaşaýanlar, ähliňiz muny eşidiň.


Sada halk we begzadalar, baý we pukara – baryňyz diňläň.


Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.


Garaýagyzlygyma bakmaň, Gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.


Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.


Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.


Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».


Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?


Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.


Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan