3 Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
3 Ярым мениңки, мен онуңкы; сүрүсини чигилдемлериң арасында бакяр ол.
Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.
Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin. Şerap ýarym üçin aksyn, uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.
Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.