Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Gapyny açdym ýaryma, ýöne giden eken ol. Owazyna ezildi ýüregim. Agtardym, tapmadym ony; çagyrdym, jogap bermedi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Гапыны ачдым ярыма, йөне гиден экен ол. Овазына эзилди йүрегим. Агтардым, тапмадым оны; чагырдым, җогап бермеди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 5:6
30 Iomraidhean Croise  

Ol doganlaryna: «Pulum yzyna gaýtarylypdyr, ol, ine, çuwalyň içinde ýatyr» diýip seslendi. Olaryň muňa ýürekleri ýaryldy. Olar gorkudan ýaňa titreşip, biri-birlerine: «Hudaýyň bize bu näme etdigi-kä?!» diýişdiler.


Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi.


Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.


Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary; men diňe Rebbe baglaýan bili.


Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.


Eşiden we bilen zatlarymyzy, atalarymyzyň bize aýdanlaryny.


Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.


meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.


Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».


Elini gapy deşiginden uzatdy ýarym, yşkym oňa galkyndy.


Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Ownukly-irili mal-garalary alyp, Rebbi gözlemäge giderler. Ýöne Ony tapmazlar. Çünki Reb olardan çekildi.


Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.


Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan