Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy.
Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär.
Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.
Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.