Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Мен укуда, йөне көңлүм оя. Ине, бу ярымың овазы. «Гапыны ач, эзизим, дилдарым мениң, гөгерчиним, пәкизәм мениң! Башым чыга эзилен, сачым-да гиҗәниң немине».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 5:2
39 Iomraidhean Croise  

Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi.


Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.


Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.


Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.


Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.


Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.


Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.


Köňül aşygymy gije düşegimden agtardym; gözläp tapmadym ony.


Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.


Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň.


Sap altyndyr başy, saçlary buýra, garga deý gara.


Gapyny açdym ýaryma, ýöne giden eken ol. Owazyna ezildi ýüregim. Agtardym, tapmadym ony; çagyrdym, jogap bermedi.


Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler.


Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,


Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler. Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de, ol ýigrenç bilen ret edilerdi.


Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.


Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy.


Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy.


Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.


Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».


Ir säher bilen heniz daň atmanka, Isa turup, daşary çykdy. Bir çola ýere baryp, Hudaýa doga etdi.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi.


Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler.


Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler.


indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.


Ýöne Sardisde öz lybasyny hapalamadyk birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen ak lybaslara beslenip gezerler, sebäbi muňa mynasypdyrlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan