Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 5:15 - Mukaddes Kitap

15 Aýaklary sap altyn üstünde oturdylan mermer sütünler deý, görki Liwan deý, saýlama kedr agaçlary deý.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Аяклары сап алтын үстүнде отурдылан мермер сүтүнлер дей, гөрки Ливан дей, сайлама кедр агачлары дей.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 5:15
19 Iomraidhean Croise  

Ol Liwandaky kedr agajyndan başlap diwaryň ýüzünde gögerýän käkilik otuna çenli bolan agaçlardan söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar barada sözlärdi.


Ýat hudaý araňyzda bolmasyn, keseki hudaýa sežde etmegin.


şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun.


Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.


Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.


Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.


Onuň ýolbaşçylary gardan arassa, süýtden akdylar. Bedenleri merjenden gyzyl, daş sypatlary ýakut kimindi.


Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.


Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi.


Ol pudak ýaýradar. Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar. Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.


Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.


Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, onuň daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunçdy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan