Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Эй, эзизим, гелинлигим, мен багыма гелйәрин; мүрүм билен атырымы йыгнаян, бал өйҗүгими, балымы иййән, шерабымы, сүйдүми ичйән. Ийиң, эй, сөйгүли ярлар! Эй, ышкың есирлери, ийип-ичиң, ышкдан мес болуң!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 5:1
43 Iomraidhean Croise  

Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar.


Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.


Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.


«Gel, meniň nanymdan iý, taýýarlan şerabymdan iç.


özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim.


Aşygym meniň üçin Eýngedi üzüm baglaryndaky hyna gülleriniň çogdamydyr.


Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!


Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.


Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.


Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.


Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.


Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar.


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Toý başlananda, onuň ýanynda bile bolar ýaly, oňa otuz sany dost saýladylar.


Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan