Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эй, эзизим, гелинлигим, көңлүми майыл этдиң, гөзлериң билен бир бакышда, бойнуң хүнҗүсиниң бири билен көңлүми майыл этдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 4:9
31 Iomraidhean Croise  

Onsoňam ol meniň, hakykatdan-da, aýal doganym. Ikimiz atabir enebaşga dogandyrys, ol soň meniň aýalym boldy.


Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy.


Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.


Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.


Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.


Kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasarys saňa.


Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.


Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!


Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!


Eý, ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.


Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.


Gözleriňi menden sow, men olara bendi! Gilgat dagyndan inip gelýän geçi sürüsine ogşaýar saçyň.


Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin. Şerap ýarym üçin aksyn, uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.


Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan