Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Ливандан биле гидели, эй, гелинлигим; Ливандан мениң билен гайт! Амана депесинден, Сенир, Хермон депелеринден, ширлериң сүренлеринден, гаплаңлы даглардан ашып гел.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 4:8
19 Iomraidhean Croise  

Ol Liwandaky kedr agajyndan başlap diwaryň ýüzünde gögerýän käkilik otuna çenli bolan agaçlardan söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar barada sözlärdi.


Damaskyň Abana we Parpar derýalary Ysraýyl suwlarynyň baryndan oňat dälmi näme? Men şol derýalarda ýuwnup, tämizlenip bilmeýärinmi näme?» Nagaman yzyna öwrüldi-de, gaharly gitdi.


Gündogardaky manaşa tiresiniň adamlary ýurtda mesgen tutup, Başandan Bagalhermona, Senire hem-de Hermon dagyna çenli ýaýradylar. Olar juda köpdi.


Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.


Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Asafyň mezmury.


Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela


Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.


Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli».


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Men ýarymyňky, ol maňa maýyl.


Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.


Sen Senir dagynyň serwilerinden ýasalan uly gämi ýalydyň; saňa bogaldak etmek üçin Liwandan kedr agajyny getirdiler.


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“.


(Sidonlylar Hermon dagyna Sirýon diýýärler, amorlar bolsa oňa Senir diýýärler),


Ine, ysraýyllaryň ýeňip alan ýerleriniň hanlary şulardyr. Ysraýyllar Iordan derýasynyň aňyrsyndaky gündogar tarapa uzalyp gidýän Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli bolan ýerleri we tutuş Araba düzlüginiň gündogar tarapyny basyp aldylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan