7 Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
7 Катды-каматың ненеңси гөзел, эй, дилдарым! Сенде хич бир кемлик ёк.
Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».
Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.
Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!
Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».
Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!
Indi bolsa Hudaý sizi Öz huzurynda mukaddes, müýnsüz hem aýypsyz etmek üçin, Mesihiň bedeniniň ölümi arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy.
Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.
Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.
Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.