Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.
Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Şeýlelikde, pygamberleriň habary biziň üçin ýene-de ynamdardyr. Tä Gün dogýança we daň ýyldyzy kalbyňyza nur çaýýança, tümlükde ýagty saçýan nur deý oňa üns beriň!
Emma meniň size ýazýan bu buýrugyma täze diýseň hem bolar, sebäbi bu buýrugyň hakykaty Mesihde we sizde aýan bolýar. Çünki tümlük ötüp barýar, hakyky nur bolsa eýýäm parlaýandyr.
«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»
Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.