4 Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.
4 Давудың горхана диңидир бойнуң, мүң герчегиң галканы асылгыдыр ондан.
Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany siziň üstüňizde syndy.
Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen! Seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline, elmydama sadyk söýgüsini görkezýär».
Binnuýyň gapdalynda diwaryň öwrülýän ýerinden gorhana uçudynyň gabadynda bolan diwaryň binýat diregini Mispanyň häkimi Ýeşuwanyň ogly Ezer dikeltdi.
Kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasarys saňa.
Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý, gözleriň Batrabbim derwezesiniň ýanyndaky Heşbon howuzlary deý. Burnuň Damaska bakyp duran Liwan diňi deý.
Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men.
Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.
Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.
Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.