Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Gyrmyzy sapak deý dodaklaryň, agzyň-da ne ajaýyp. Bürençekde gizlenen ýaňaklaryň enara meňzeýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Гырмызы сапак дей додакларың, агзың-да не аҗайып. Бүренчекде гизленен яңакларың энара меңзейәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 4:3
29 Iomraidhean Croise  

Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.


Düşünjeli adamyň dilinden danalyk dökülýär, kemakylyň arkasyna bolsa gamçy garaşýar.


Danalyk bilen sözleýändir, dilinde oňat öwütler bardyr.


Garaýagyzlygyma bakmaň, Gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.


Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.


Atyr saçýan gülhana deý ýaňaklary, mür damdyrýan bägüle ogşaýandyr dodaklary.


Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!


Bürençekde gizlenen ýaňaklar enara meňzeýär.


Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,


Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn.


Ruhany bir bölek kedr agajyny, käkilik otuny, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn.


Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.


Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.


Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan