Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 4:14 - Mukaddes Kitap

14 atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli ýakymly ysly agaçlar bilen, hoşboý mürdür ahalot bilen, dürli hoşboý ysly zatlar bilen.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 атырдыр загпыран билен, ыслы гамышдыр далчын билен, дүрли якымлы ыслы агачлар билен, хошбой мүрдүр ахалот билен, дүрли хошбой ыслы затлар билен.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 4:14
16 Iomraidhean Croise  

Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.


Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.


«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put mukdarda suwuk mür, çärýek put mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş,


Düşegime hoşboý ysly mür, ahalot hem dalçyn sepdim.


Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, mür dagyna, ýakymly ysly tütetgi baýryna giderin.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.


Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy.


Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken hoşboý ysly agaçlary deý, edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.


Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar.


Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodim hem Ýusup bilen biledi. Nikodim jemi agramy iki put bolan garyşyk mür bilen aloe alyp geldi.


dalçyn, we beýleki tagamlyklary, ýakymly ysly tütetgileri, müşk-anbarlary, şeraby, zeýtun ýagyny, kepeksiz uny we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlardyr arabalary, adamlaryň janyny we tenini satyn aljak indi ýok.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan