Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 4:13 - Mukaddes Kitap

13 Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Нахалларың нар бакҗасыдыр: сайлама мивелери билен, хына хем нард атырлары билен,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 4:13
18 Iomraidhean Croise  

özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim.


Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.


Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim!


Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.


atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli ýakymly ysly agaçlar bilen, hoşboý mürdür ahalot bilen, dürli hoşboý ysly zatlar bilen.


Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!


Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.


Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.


Öňüňe düşüp, enemiň öýüne getirerdim seni, öwüt bererdiň sen maňa. Hoşboý ysly şerapdan, enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.


Iteklemeýärler birek-biregni, ýöreýär öz ýodasyndan her biri. Ähli böwetleri böwsüp geçýärler, olaryň badyny saklap bolmaýar.


Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy.


Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan