Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler.
Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.