Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Җерене, кейик овлагына меңзейәр дилдарым. Ине, ол ховлымызың дашында дуруп, пенҗирелерден гараяр, гөзенеклерден середйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 2:9
23 Iomraidhean Croise  

Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyldamdy.


Ol bir söýgüli jeren, näzik maral ýalydyr, onuň göwüsleri seni gandyrsyn. Mydama keýpli joş.


Awçydan gaçan jeren kimin, guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.


Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden, gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.


Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.


Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!


Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!


Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!


Ylga, eý, ýarym! Bark urýan daglaryň üstünde jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.


Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Siz Musa ynansadyňyz, onda Maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol Men hakda ýazdy.


Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.


Bular geljekki zatlaryň kölegesidi, emma hakykat Mesihiň Özüdir.


Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


Siseranyň ejesi penjireden seredip, gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär: „Oglumyň söweş arabalary näme üçin eglendikä? Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan