Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Җеңңел агачларының арасындакы алма агаҗы дей, йигитлериң арасында сөйгүли ярым. Леззетлидир маңа саясы онуң, мивесиниң тагамы агзымдан гитмез.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 2:3
34 Iomraidhean Croise  

Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.


Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.


Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.


Mezmur. Sabat güni üçin nagma.


Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.


Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.


Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,


Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!


Dodaklary iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!


Ir säher üzüm baglaryna gideli, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagyş ederin saňa.


Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi.


Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun!


Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.


Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,


Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.


Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar».


gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan