2 Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.
2 Тикен арасындакы чигилдемдир дилдарым, гызлар ичинде.
Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin.
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.
Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.
Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.