Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Гая говакларындакы, учут кенардакы гөгерчиним, җемалыңы гөрейин, эшидейин сениң овазың, ширин овазың, җемалың-да аҗайыпдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 2:14
41 Iomraidhean Croise  

Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa, Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Meniň janymy Ol täzeleýär hem-de Öz adynyň hatyrasyna dogrulyk ýollaryndan meni äkidýär.


Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela


Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär, serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.


Garaýagyzlygyma bakmaň, Gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.


Faraonyň söweş arabasyna goşulan baýtala meňzedýän seni, eý, meniň magşugym!


Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».


Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Kimdir bu bulut kimin süýşýänler, höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?


Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň.


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.


Indi bolsa Hudaý sizi Öz huzurynda mukaddes, müýnsüz hem aýypsyz etmek üçin, Mesihiň bedeniniň ölümi arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan